Geçginli önümler öndürilýär

19 Iýul 2024
236

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat pagta egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleriň öndürilişi barha ýokarlandyrylýar.

Fabrikde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýokary hilli nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleriniň 2 müň 872 tonnasy öndürilip, alty aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 93 million 736 müň 950 manatlyga deň boldy. Şeýle-de geçen alty aýda fabrigiň hil taýdan ýokary bolan nah ýüplükleriniň 1 müň 452 tonnasy, pul hasabynda bolsa 46 million 161 müň 514 manatlygy eksporta ugradyldy. Doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu dokma kärhanasynda işçi-hünärmenleriň 580-e golaýy yhlasly zähmet çekýär.