Maldarçylyk — hemmetaraplaýyn amatly ugur

18 Iýul 2024
226

Geljekde mundan-da ileri tutuljak pudak

Awçylykdan maldarçylyga, çarwaçylykdan daýhançylyga geçmek, soňy bilenem senagat arkaly şäherleşme — taryhy ösüşiň basgançaklary. Ýöne munuň özi bu ugurdyr ulgamlaryň düýpden ýitip gitmegini aňlatmaýar. Gaýtam, dünýäniň ählumumylaşýan häzirki döwründe ylmyň hem tehniki usullaryň ösmegi bilen, her zady öz ýerinde ulanmaga, özi-de tebigata zeper ýetirmezden, has netijeli peýdalanmaga düýpgöter täze şertler döreýär. Biziň ýurdumyzyň tebigy şertleri we ösüş tejribesi, munuň üstesine telekeçiligi goldamakda alnyp barylýan oýlanyşykly döwlet syýasaty maldarçylygyň yzygiderli ilerlemeginde aýratyn oňyn mümkinçilikleri döredýär.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».