Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

17 Iýul 2024
173

Täze ulgamyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoly bilen ösüş-özgerişleriň täze belentliklerine çykmagyna giň ýol açyldy.