Gyzykly geçen bäsleşik

27 Iýun 2024
413

Ýakynda «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine dynç almaga gelen körpeleriň arasynda Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de Gyzylarbat etrabynyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesi bilen bilelikde çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bäsleşik geçirdik. Çagalary ýol hereketiniň kadalary bilen tanyşdyrmak we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köçelerde, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeleriň geljekde Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi. Çärä gatnaşan çagalara  ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Gülruh Nazarowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.