Duşuşyk geçirildi

26 Iýun 2024
279

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Daşoguz şäher kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş eden döredijilik işgärleri ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler hakynda buýsançly söhbet etdiler. Duşuşygyň dowamynda şahyrlaryň ata Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän goşgulary okamagy onuň täsirliligini has-da artdyrdy.

Soňra kitaphana işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda medeniýet we sungat ulgamynda amala aşyrylýan döwletli tutumlar hakyndaky parasatly jümleleri barada gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýnur ESENOWA,
Daşoguz şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.