Ruhubelentlige beslendi

26 Iýun 2024
258

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleri bolan ýaş nesillerimiziň kämil bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn ösmegi, watansöýüjilik ruhunda we asylly ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Häzir gözel Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň gyzykly dynç alyş günleri dowam edýär. Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy hem-de Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda Gökderäniň şypaly goýnunda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň arasynda, mekdep okuwçylaryndan düzülen ýaş ýangyn söndüriş topar agzalarynyň ýygyndy toparlary ýangyn-amaly sport bäsleşigine gatnaşdylar.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.