Paýhas synagy

26 Iýun 2024
257

Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynda, gullugyň düzüm birliklerinde iş alyp barýan tejribeli harby gullukçylaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Şertlere görä, harby gullukçylar öz aralarynda harby gullukda alnyp barylýan ugurlar bilen çäklenmän, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplary barada, şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okamak, onuň ömri we döredijiligini daşary ýurt dillerinde gürrüň bermek, goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Örän gyzykly we ýatda galyjylykly geçen bäsleşikde harby gullukçylarymyz özleriniň başarnyklaryny ezberlik bilen görkezip, oňa örän taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Biragyzdan gelnen netijelere görä, degişli gullugyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçylary bu bäsleşikde özleriniň tutanýerliligi we erjelligi bilen 1-nji, Mary welaýaty boýunça müdirligiň harby gullukçylary 2-nji, Aşgabat şäheri boýunça müdirligiň harby gullukçylaryndan düzülen topar bolsa baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji toparlara göçme kubok, Hormat hatlarydyr sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Akmuhammet ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.