Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri

26 Iýun 2024
236

Şygryýet äleminiň görnükli wekili Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň ýa-da Gündogaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň beýik akyldary hökmünde şygryýetiň üsti bilen adamzada ynsanlygyň dilini öwreden beýik danadyr. Beýik şahyryň sarpasy ýyllar, asyrlar bilen barha belende göterilip, dana Pyragynyň döredijiligi syrly älem kimin köňülleri özüne kökerýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilmegi, umumadamzat paýhasynyň bähbitlerine daýanýan ajaýyp pikirdir söze aşyk köňüllere üýtgeşik ylham bagyş eýledi. Has takygy, dünýä ýüzüne toý bolup dolýan bu waka şahyryň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenmäge hem-de ony ebedileşdirmäge döredilen ajaýyp mümkinçilik bolmak bilen, akyldaryň ruhuny ýene bir gez tirsegine galdyrdy.

Ýurdumyzda ýaş zehinlerimizi dana Pyragynyň döredijilik akabasyna has-da ýakynlaşdyrmak, onuň şygyr dünýäsini tanatmak üçin dürli çäreler, duşuşyklar, edebiýat agşamlarydyr bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Mukaddes araçäklerimizde özleriniň gulluk borçlaryny üstünlikli berjaý edýän merdana serhetçilerimiziň içinden hem Magtymgulynyň älemine aşyk, onuň döredijiligine giňişleýin düşünmegi başarýan zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen «Magtymguly — milletiň mertebesi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa gullugymyzyň hatarynda mukaddes borjy berjaý edýän ähli derejedäki harby gullukçylardyr harby talyplar bilen bir hatarda harby gullukçylaryň maşgala agzalarydyr ätiýaçlykdaky halypa serkerdelerimiz dürli žanrlarda ýazylan döredijilik eserleri, çeken suratlarydyr ýasan heýkelleri bilen gatnaşdylar. Akyldar şahyrymyzyň baý ruhy dünýäsini dürli görnüşli sungat eserleriniň üsti bilen beýan edýän işleriň ýüzlerçesiniň gelip gowuşmagy bolsa akyldarymyza bolan belent yşkyň köňüllerimizde ebedi orun tutandygynyň ykrarydyr. Dana Pyragynyň ýoluny dowam edijileriň ylhamyndan dörän işler bolsa «Esger» gazetiniň, «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň sahypalarynda yzygiderli çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Şolaryň içinden has gowulary hökmünde ykrar edilen awtorlaryň döredijilik işleri bolsa ýeňiji diýip yglan edildi. Olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Nazar AZYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.