Başymyzyň täji sen, eziz Diýarym!

26 Iýun 2024
253

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygary türkmen halkynyň ylham çeşmesine öwrüldi. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli durmuşa geçirýän döwletli işleri eziz Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarýar, türkmeniň beýik milletdigini dünýä tanadýar.

Taryhy wakalarydyr şanly seneleri bilen ýüreklere joşgun paýlaýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly buýsançly ýyllaryň biri hökmünde taryhyň altyn sahypalaryndan uly orun alar. Bu ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi diňe bir il-günümizde däl, eýsem, dost-doganlyk halklarda-da çäksiz buýsanç döredýär.