Berkarar döwletiň mertebe tugy

26 Iýun 2024
219

Türkmen medeniýeti diýenimizde biz nämä düşünýäris?! Aslyýetinde, medeniýet diýen düşünjäniň çygry juda giň. Bu düşünjä Gahryman Arkadagymyz: «Medeniýet biziň durmuşymyzyň dürli taraplaryny öz içine alýan inçe, çylşyrymly we köp görnüşli düşünjedir» diýmek bilen, örän anyk kesgitleme berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýiti öňdengörüjiliginiň netijesidir. Çünki medeniýet ulgamynyň ösdürilmeginiň tutuş türkmen medeniýetiniň ösüşini häsiýetlendirjekdigi, türkmeni dünýä tanatjak, türkmen üçin dünýäni açjak gymmatlyklaryň esasylarynyň biridigi jedelsiz hakykatdyr. Hut şonuň üçin hem bu mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürülýär.

Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany hökmünde halkymyza ýolbaşçylyk edip başlan ilkinji günlerinde täze türkmen ideologiýasynyň berkarar edilmegine badalga berdi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz baryp 2008-nji ýylda medeniýet, köpçülikleýin habar beriş ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynda eden çykyşynda: «... Bize döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze ýörelgelere esaslanýan döwlet ideologiýasy gerek» diýip nygtapdy. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz düýpli özgertmeleri, asylly başlangyçlary öňe sürdi. Netijede Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan täze türkmen ideologiýasynyň binýatlaýyn esaslaryny berkiden gyzyldan gymmatly kitaplar çap edilip, türkmen okyjylarynyň aňyýetini baýlaşdyrdy. Milletiň milli aňyýetiniň esasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň kämil medeniýeti ýatyr. Hut şeýle bolansoň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehin-yhlasynyň, pähim-parasadynyň we ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklarymyzy sarpalaýan edim-gylymlarynyň miwesi bolan «Döwlet guşy» we «Älem içre at gezer» romanlary, «Türkmen medeniýeti», «Arşyň nepisligi», «Ile döwlet geler bolsa», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Çaý melhem hem ylham», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ýaly ajaýyp eserleri sanalgyja ýyllaryň içinde türkmen okyjylaryna gowuşdy. Ýeri gelende, ol eserleriň diňe bir türkmen okyjylaryna däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem ençemesiniň dillerine terjime edilip, halkymyzyň gadymdan gelýän baý milli medeniýetini ýer ýüzüniň halklaryna hem buşlandygyny aýtmak gerek.

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.