Arkadag şäheri — jöwher paýhasyň miwesi

26 Iýun 2024
250

Okgunly ösüşleriň, guwandyryjy üstünlikleriň gazanylýan häzirki döwründe biz ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli wakalara yzygiderli gözli şaýat bolýarys. Köpetdagyň ajaýyp eteginde Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi-de türkmeniň täze taryhynyň iň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu täze şähere Arkadag adynyň dakylmagy-da il-ulsumyzyň göwün isleginiň wysaly, ildeşlerimiziň köňül küýsegleriniň myrady boldy. Bir ýyl mundan ozal, has takygy geçen ýylyň 29-njy iýunynda bu şäheriň birinji tapgyrynyň açylyşy uly dabaralara beslendi.

«Ýagşyny görmegem jennet» diýlişi ýaly, bizem paýtagtymyz Aşgabada gelenimizde ýörite bu täze ajaýyp şäheri görmäge bardyk. Dogrusy, bu şäher tüýs «Görmäge göz gerek» diýilýäni ekeni.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapyp dörän bu şäherdäki Akhan hem-de «Arkadag Binasy» uzaklardanam seleňläp görünýär.
Arkadag şäheriniň giň şaýollary, köçeleri we halkalaýyn çatryklary häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Edara we durmuş maksatly desgalaryň binagärlik keşbi bu ýeriniň ajaýyp tebigy gözellikleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär. Iki gatly kottejler şäheriň görküne özboluşly görk goşýarlar. Hatarlanyp gidýän, ähli amatlyklary özünde jemleýän, döwrebap köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda «akylly öý» tehnologiýalary ulanylypdyr. Dogrusy, şeýle jaýlarda ýaşaýan ildeşlerimize biz özlerinden beter guwandyk.

Maral RÖWŞENOWA,
Kerki etrabyndaky 16-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi, Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.