Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde waspnama

25 Iýun 2024
347

25-nji iyunda Arkadag şäherinde teleradio žurnalistleriniň gatnaşmaklarynda «Magtymguly umumadamzat şahyry» atly brifing geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän bu döredijilik dabarasynyň uly ähmiýeti bardyr. Türkmen jemgyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerini aýdyň beýan edýän we halkymyzyň ruhy durmuşynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen bu dabara uly many-mazmuna eýe boldy. Dabaranyň dowamynda çykyşlara giňden orun berildi.

Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmegiň, ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň möhüm wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli medeni çäreler, halkara maslahatlar, sergilerdir festiwallar şu maksatlara gönükdirilendir.

«Mugallymlar gazeti».