Milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär

25 Iýun 2024
300

Türkmenistanda 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Ozalky saýlawlarda bolşy ýaly, şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň hem baş maksady gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri türkmen jemgyýetiniň durmuşynda mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolup çykyş edýän giň bäsdeşlik esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär. Onuň çäklerinde milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.

Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk ukyplary, olaryň maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalar olaryň maksatnamalarynyň esasy mazmunyny düzýär. Gyzyklanma bildirilip geçirilýän söhbetdeşlikleriň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde öz bilimlerini, başarnyklaryny, tejribelerini, tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyryp, saýlawlara taýýarlyk döwründe öz maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri anyklaşdyrýarlar.

(TDH)