Sanly tehnologiýalaryň mekany

24 Iýun 2024
368

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry geçen ýyl açylyp, ulanylmaga berildi. Täze şäheriň ulanylmaga berlen güni ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasyndan binýat bolup, milli binagärligiň oňyn ýörelgelerini we häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýär. Döwrebap şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen dörän şäheriň ýurdumyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagynda çuňňur many bar.

Medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-syny özünde jemleýän täze şäher Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň milli binagärlik ýörelgeleriniň ösdürilmegine gönükdirilen tagallasynyň aýdyň netijesidir.

Gylyçmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.