Aýdym-sazly konsert

24 Iýun 2024
370

Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzyň çar künjeginde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Şeýle-de, 22-27-nji iýun aralygynda Medeniýet hepdeligi bu ýyl Arkadag şäherinde şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Şeýle baýramçylyk günlerinde biziň welaýatymyzda hem aýdym-sazly dabaralara giň orun berilýär. Has takygy, ýakynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli konsert geçirildi. Oňa halypa hem ýaş medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.