To­mus pas­ly­nyň gy­zyk­ly güý­men­je­si: Siz ýü­züp bil­ýä­ňiz­mi?

21 Iýun 2024
314

To­mus pas­ly­nyň do­wam edýän gün­le­rin­de ser­gin­le­mek hem-de wag­ty­my­zy has-da şa­dy­ýan ge­çir­mek üçin iň gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri hem ýüz­mek bol­sa ge­rek. De­ňiz ke­na­ryn­da, ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de ýö­ri­te ho­wuz­lar bo­lup, bu ýer­ler­de ça­ga­lar üçin ýüz­mä­ge müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len. Şeý­le hem paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da suw-sport des­ga­la­ry bo­lup, ol ýer­ler­de dür­li ýaş­da­ky ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen ho­wuz­lar­da is­leg bil­dir­ýän­le­re ýüz­me­giň düz­gün­le­ri öw­re­dil­ýär. Ýüz­mek be­den üçin iň peý­da­ly sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Eýsem, ýüz­me­giň nä­hi­li peý­da­la­ry bar­ka?!

Beý­le­ki sport gör­nüş­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da ýüz­mek be­de­niň äh­li ag­za­la­ry­nyň deň de­re­je­de he­re­ket et­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Su­wuň bel­li bir gar­şy­ly­gy bo­lup, ony ýe­ňip geç­mek üçin güýç, tiz­lik, çy­dam­ly­lyk we çe­ýe­lik ge­rek. Ke­se­li­gi­ne he­re­ket edil­ýän­di­gi se­bäp­li yzy­gi­der­li ýüz­me­giň bo­ýuň ös­me­gi­ne hem peý­da­sy­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýüz­mek özü­ňe bo­lan yna­my­ňy ber­kid­ýär. Hü­när­men­ler ýüz­mek bi­len meş­gul­lan­ýan ça­ga­la­ryň okuw ders­le­ri­ni has go­wy öz­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler.