Ys­sy­dan go­ran­ma­gyň usul­la­ry

21 Iýun 2024
274

Soň­ky ýyl­lar­da kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi bi­len dün­ýä­de aşa so­wuk we aşa ys­sy ho­wa de­re­je­le­ri ha­sa­ba alyn­ýar. Ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy­nyň güýç­len­me­gi bi­len adam­lar­da ys­gyn­syz­lyk, iş­dä­siz­lik, huş­dan git­me, ba­şaý­lan­ma, Gün ur­ma ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Gün şöh­le­si­niň içiň­den ge­çip bar­ýan how­ry sag­lyk üçin zy­ýan­ly bo­lup, aşa gyz­gyn­lyk­dan go­ran­mak üçin bir­nä­çe şert­le­ri ber­jaý et­me­li.

Sal­kyn­ly­gy sak­la­mak. To­mus pas­lyn­da açyk reňk­li, ýe­ňil we ýum­şak egin-eşik­le­ri geý­me­li. Bu be­de­ni sal­kyn sak­la­ma­gyň bir usu­ly­dyr. Ga­ly­ber­se-de, öý­de we iş otag­la­ryn­da ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da ser­gin­le­di­ji­ni iş­let­me­li. Em­ma ser­gin­le­di­ji ula­ny­lan­da her 2-3 sa­gat­dan öçü­ri­lip, 10-15 mi­nut ho­wa çal­şan­dan soň gaý­ta­dan iş­ledil­me­li. Ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy­na ga­ra­maz­dan ser­gin­le­di­ji­niň gö­ni ga­ba­dyn­da otur­mak ýa-da ýat­mak, su­wa dü­şüp ser­gin­le­di­ji­li ota­ga gir­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Her gün pol­la­ry çyg­ly es­gi bi­len sü­pü­rip çyk­mak hem öýi sal­kyn sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.