Saý­law­lar­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa baş­lan­dy

21 Iýun 2024
249

17-nji iýun­da Fran­si­ýa­da möh­le­tin­den öň ge­çi­ril­jek par­la­ment saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry üçin saý­law kam­pa­ni­ýa­sy baş­lan­dy. Saý­law kam­pa­ni­ýa­sy ba­ry-ýo­gy 12 gün do­wam eder. Bir hep­de do­wam eden gyz­ga­laň­ly bil­di­riş­ler­den soň, ýur­duň 577 saý­law ok­ru­gyn­da da­laş­gär­ler ha­sa­ba alyn­dy. Hä­zir ýurt­da saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­lar, saý­la­wyň öň ýa­nyn­da­ky dü­şün­di­riş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.

Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne ge­çi­ri­len saý­law­lar­da Fran­si­ýa­da aşa sag­çy­la­ryň ynam­ly ýeň­şin­den hem-de «Gal­ky­nyş» par­ti­ýa­sy­nyň şow­suz­ly­gyn­dan soň Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron fran­suz par­la­men­ti­niň aşa­ky pa­la­ta­sy - Mil­li ýyg­na­gyň ýa­ty­ryl­ýan­dy­gy­ny yg­lan et­di. Bu ba­ra­da fran­suz li­de­ri te­le­ýaý­lym ar­ka­ly hal­ka ýüz­len­me­sin­de aýt­dy. Mak­ron möh­le­tin­den öň ge­çi­ril­jek par­la­ment saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň 30-njy iýun­da, ikin­ji tap­gy­ry­nyň bol­sa, 7-nji iýul­da ge­çi­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.