«Ga­nat­ly» mu­zeý açy­lar

21 Iýun 2024
229

Abu-Da­bi­de Şeýh Za­ýed adyn­da­ky mil­li mu­ze­ýiň gur­lu­şy­gy ta­mam­lanyp barýar. Fu­tu­ris­tik gur­lu­şyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň bäş sa­ny heý­kel ga­na­ty­dyr. Kaşaň desganyň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik ele­ment­le­ri içer­ki sal­kyn­ly­gy sak­la­mak üçin hem ni­ýet­le­nen­dir. Açy­lyş dabarasy 2025-nji ýyl­da me­ýil­leş­di­ril­ýär di­ýip, «New At­las» ha­bar ber­ýär.

Mu­zeý BAE-niň il­kin­ji Pre­zi­den­ti Şeýh Za­ýe­diň hor­ma­ty­na gu­rul­ýar. Onuň aja­ýyp di­zaý­ny Emir­lik­le­riň düý­bü­ni tu­tu­jy şeýh Za­ýe­diň la­çynly aw aw­la­ma­ga we ýur­duň dag­lyk ýer­le­ri­ne bo­lan söý­gü­si­ni ýat­lad­ýar. Esa­sy bi­na 30 metr be­ýik­lik­dä­ki de­pe gör­nü­şin­de bolup, po­lat ga­nat­lar 83 metrden 123 metr be­ýik­li­ge gö­te­ril­ýär. Ganatlar çyl­şy­rym­ly gur­lu­şy arkaly gyz­gyn ho­wa­ny özüne çek­mek bi­len tüs­se­çy­kar ýaly hyzmat edýär.