Orta asyryň meşhur alymy

21 Iýun 2024
228

Şöh­rat­ly geç­mi­şi­miz­de ylym-bi­lim­de uly iş­le­ri bi­ti­rip, ta­ryh­da öç­me­jek yz gal­dy­ran şah­sy­ýet­le­ri­miz sa­nar­dan kän. Şo­la­ryň bi­ri hem Gün­do­gar­da meş­hur türk­men aly­my hök­mün­de ta­nal­ýan Abul­ha­san Aly ibn Ah­met an-Ne­se­wi­dir. Be­ýik alym, tak­my­nan, 970-nji ýyl­da Nu­saý­da dün­ýä in­ýär. Ol Guş­ýar ibn Lab­ba­nyň şä­gir­di bo­lup, Reý­de Majd ad-Dau­lyň köş­gün­de, Gaz­na şä­he­rin­de Mah­myt Gaz­na­ly­nyň we onuň mi­ras­dü­şer­le­ri­niň köşk­le­rin­de, Sel­juk sol­tan­la­ry­nyň köşk­le­rin­de, has anyk aý­dy­lan­da, Sel­juk türk­men­le­ri­niň mer­ke­zi bo­lan Ys­py­han şä­he­rin­de bir­nä­çe iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Gör­nük­li alym, tak­my­nan, 100 ýa­şap, 1070-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar. Ýew­ro­pa­da Abil­ha­san Ha­li ben Ah­med Na­sue­nis diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Ah­med an-Ne­se­wi Mah­myt Gaz­na­ly­nyň köş­gün­de Abu Nasr ibn Yrak (953/54 – 1034 ýý.), Abu Reý­han al-Bi­ru­ny (973-1048 ýý.) ýa­ly öz döw­rü­niň be­ýik alym­la­ry bi­len egin­me-egin bi­le iş­le­ýär. Soň­ra Ah­met an-Ne­se­wi Çag­ry be­giň ça­ky­ly­gy bi­len Sel­juk­ly­lar köş­gü­ne ça­gy­ryl­ýar. Alym bu ýer­de köşk ast­ro­lo­gy we ast­ro­no­mik gö­zeg­çi­li­gi ge­çir­mek üçin bir­nä­çe iş­le­ri ama­la aşyr­ýar.

Ah­met an-Ne­se­wi özü­niň ma­te­ma­ti­ka de­giş­li bo­lan «Ýewk­li­di abst­ra­gir­le­mek» (Taj­rid Uk­li­dis), «Geo­met­ri­ýa­nyň baş­lan­gyç­la­ry­ny abst­ra­gir­le­mek» (Taj­rid fi usul al-han­da­sa), «Baş­lan­gyç­lar» ki­ta­by­nyň gaý­ta­dan iş­le­nen gör­nü­şi­ni, Ar­hi­me­diň «Lemm» ki­ta­by­na sel­jer­me­ler (Şarh ki­tab al-Ma­hu­zat li Ar­şi­mi­dis) ýa­ly trak­tat­la­ry ýaz­ýar.