Ýan­gyn howp­suz­ly­gyn­da ber­jaý edil­me­li düz­gün­ler

21 Iýun 2024
230

Oduň gö­zeg­çi­lik­siz gal­dy­ryl­ma­gy ada­ma we daş­ky gur­şa­wa düýp­li ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Şo­nuň üçin, jem­gy­ýe­tiň her bir ag­za­sy ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek me­se­le­si­ne has oý­la­ny­şyk­ly we jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­li­dir. Dur­muş­da hä­zir­ki za­man elekt­rik en­jam­la­ry iş­jeň ýag­daý­da ula­nyl­ýar. Köp­lenç ýan­gyn how­pu­na gün­de­lik ula­nyl­ýan en­jam­la­ryň iş­le­di­lip, gö­zeg­çi­lik­siz gal­dy­ryl­ma­gy se­bäp bol­ýar.

Öý­den, iş ýer­le­rin­den çyk­maz­dan öň, otag­la­ry göz­den ge­çir­me­gi unut­ma­ly däl. Otag­lar­da bar bo­lan äh­li elekt­rik bi­rik­di­ri­ji­le­riň boş­du­gy­na, elekt­rik gyz­dy­ry­jy en­jam­la­ryň ýa­ny­jy ma­te­ri­al­la­ryň üs­tün­de dur­ma­ýan­dy­gy­na, ola­ryň gyz­gyn­lyk be­ri­ji­le­ri­niň ýa­ny­jy ma­te­ri­al­la­ra deg­me­ýän­di­gi­ne do­ly göz ýe­tir­me­li. Aş­ha­na ota­gy göz­den ge­çi­ri­len­de gaz, elekt­rik pli­ta­la­ryň öçü­ri­len­di­gi­ne üns ber­me­li. Şe­mal ar­ka­ly ýo­kar­ky gat­lar­dan dür­li ga­lyn­dy­lar ota­ga gir­mez ýa­ly pen­ji­re­le­ri do­ly ýap­ma­ly.