Talyp ýaşlar bilimlerini iş tejribesinde özleşdirýärler

21 Iýun 2024
197

Tomsuň sapaly günlerinde güneşli Diýarymyzda çagalygyň arzyly pursady – tomusky dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ruhubelent çagalara şatlykly pursatlary eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär. Bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda geçirilýän dürli medeni-çäreler, döredijilik bäsleşikleridir duşuşyklar bolsa, giň gerime eýe bolýar.

Ça­ga­la­ry do­ly de­re­je­de dynç al­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň bi­na­la­ry­na ýer­leş­dir­di­ler. Olar­da ýaş nes­liň wag­ty­ny gy­zyk­ly we peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­di­len­dir. Mer­kez­ler­de oýun oý­na­mak, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin meý­dan­ça­lar, tans zal­la­ry, komp­ýu­ter otag­la­ry, el iş gur­nak­la­ry, teatr, şe­kil­len­di­riş sungaty otag­la­ry, ki­tap­ha­na­lar bar.