«Ýaşyl ýaýladaky» şadyýanlyk

21 Iýun 2024
266

Şu günler Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde çagalaryň gülki sesleri has joşgunly, buýsançly ýaňlanýar. Bu gözel künjekdäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýatyň dürli etraplaryndan gelen mekdep okuwçylary tomus günlerini şadyýanlykda geçirýärler.

Welaýat häkimliginiň garamagyndaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde möwsümiň birinji tapgyrynda mekdep okuwçylarynyň 300-si dynç alyp, saglygyny berkidýär. Olaryň her gününiň manyly, köp öwüşginli we netijeli bolmagynda meýilnamalaýyn çäreleriň ähmiýeti uludyr. Merkeziň direktory Amangözel Babaýewanyň aýtmagyna görä, bu ýerde toparlaryň birnäçesi hereket edip, olar terbiýeçi-mugallymlara berkidilipdir. Şol toparlaryň arasynda ýörite meýilnama esasynda geçirilýän çäreleriň ýokary derejede bolmagy gazanylýar. Döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary, wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar, aýdym-sazly dabaralar, tebigatyň gözel künjeklerine gezelençler we taryhy ýadygärliklere syýahatlar çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.