Döwlet gullukçysynyň etikasy

20 Iýun 2024
327

Ýurdumyzda döwlet gullugynyň talabalaýyk alnyp barylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet gullukçysynyň etikasynyň we gulluk özüni alyp barşynyň hukuk kadalaryna laýyk, kämil bolmagyny, kanunçylyga, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp gelen ynsanperwerlik, päk ahlaklylyk, watansöýüjilik ýaly mukaddes ýörelgelerine ygrarly bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň dabaralanmagydyr.

Etikanyň kadalary ahlagyň aýrylmaz bölekleri hökmünde belli bir jemgyýetçilik toparynda ýa-da hünärinde (mugallymlar, telekeçiler, lukmanlar we ş.m.) döreýän ahlak gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Şu ýerde döwlet gullukçysynyň döwrebap ahlagy dogrusynda atasy bilen agtygynyň arasynda bolup geçen gürrüňdeşlikden käbir bölekleri ýaş hünärmenleriň dykgatyna ýetirmekçi bolýarys.

Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.