Saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär

15 Iýun 2024
549

11-nji iýunda saýlawlara taýýarlyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry bolan Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Möwsümiň ilkinji iki tapgyryny düzýän dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işi ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna, halkara kadalara laýyk gelýän şertlerde geçirildi. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine jemi 9 — her saýlaw okrugy boýunça 3 dalaşgär hödürlenildi.

Dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň wekilleri bar. Olaryň aglabasy syýasy partiýalaryň agzalarydyr. Şeýlelikde, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerini çözmekde raýat jemgyýetiniň ähli institutlarynyň işjeň gatnaşygy üpjün edilýär. Bellige alnan her bir dalaşgäre milli saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek üçin deň derejedäki hukuklar we mümkinçilikler döredilýär.

(TDH)