Agzybirligiň, hoşniýetliligiň baýramy

14 Iýun 2024
364

Toýlar içre ýaşaýan halkymyz ýene-de bir milli senesini — mukaddes Gurban baýramyny garşy alýar. Ony bize paýtagtymyz Aşgabatda hem-de oba-kentlerimizde uzaklardan bagt diňi ýaly bolup görünýän hiňňildikler buşlaýar. «Belent-belent bat almaga» barýan ýaz keşpli ýaşlarymyz bolsa şeýle heýjan günleriň ýaraşygy. Olaryň kalbynda aýdym, dillerinde eziz Watana bolan alkyş ýaňlanýar.

Aslynda, türkmen kalby imanly, dili dogaly halk. Niçikmi, rehimdarlyk, ynsanperwerlik, dostanalyk bilen baglanyşykly haýsy bir iş ýüregine jaýlaşykly ornaşsa, şony alyp göterer. Ýagşa «ýagşy» diýip, arşa ýetirer, öz ýörelgelerine, däp-dessurlaryna gabat gelmeýän del nysaklardan gaça durmagy neberelerine nesihat eder. Şu jähetden seredeniňde, Gurban baýramyna ýurdumyzda ynsan gadyrynyň, birek-birege bolan hormat-sylagyň, bir desterhanyň başyna üýşülmeginiň hem-de agzybirligiň näderejede sarpalanýandygynyň aýdyň nyşany hökmünde seredilýär.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».