Ýaş alymlaryň bäsleşigi jemlendi

14 Iýun 2024
363

Ýakynda — 12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Aň-paýhas bäsleşigine barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş alymlary, ýokary, ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ylmy işe gyzyklanma bildirýän islendik hünärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşýar. Bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň gyzyklanmasy ýylsaýyn artýar. Hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi netijesinde onuň abraýy barha ýokarlanýar. Şu ýyl ýaş alymlaryň bir müň alty ýüzden gowragy ýurdumyzyň ylmynyň nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdeleri önümçiligi tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ulgamlarda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny hödürlediler.

Taýýarlan Resul NURGELDIÝEW,
«Watan».