Milli tagamlar

14 Iýun 2024
349

Gurban baýramy Diýarymyzyň çar künjeginde giňden bellenilip geçilýär. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu mukaddes baýram halkymyzyň kalbyna çäksiz ylham, joşgun we şatlyk paýlaýar. Gadymyýetden gelýän Gurban baýramyny agzybirlikde we jebislikde bellemek türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir. Abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýan her bir maşgalada Gurban baýramçylygynda bereketli toý saçaklary giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary taýýarlanýar hem-de gurbanlyk sadakalary berilýär. Bu hoşniýetliligiň baýramynda bagtyýar döwrümizde halkymyzyň öňden dowam edip gelýän däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilip, gatlama, pişme, ýagly petir, çelpek ýaly dürli tagamlar hem-de palaw, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli naharlarymyz, şeýle-de dürli işdäaçarlar taýýarlanylýar.

Ata-babalarymyz Gurban baýramynyň öňüsyrasynda öýke-kineli adamlary bilen ýaraşypdyrlar. Bu bolsa adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidip, baýramçylygy ýokary ruhubelentlik bilen garşylamaga kömek edipdir. Ruhubelentlik bolsa saglygyň ýokary görkezijisidir.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.