Kitaphanaçylar maslahatlaşdylar

14 Iýun 2024
421

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny ylmy esasda öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda tutumly işler amala aşyrylýar. Geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimize bagyşlanyp, döwlet we halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar, dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmeniň taryhynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi» diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny okyjylar köpçüligine wagyz etmekde, düşündirmekde kitaphana işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Olar edara-kärhanalarda, medeniýet we bilim ojaklarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, harby bölümlerde ýygy-ýygydan bolup, dürli medeni çäreleri geçirýärler, kitap sergilerini guraýarlar.

Ödegeldi KULYÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.