Ag­zy­bir­li­giň we dost-do­gan­ly­gyň baý­ra­my

14 Iýun 2024
297

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar il-ulsumyz ýurdumyzda toýlanýan şanly seneleriň, baýramlaryň dabarasyny uludan tutýar. Munuň şeýledigini şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän Gurban baýramy aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýakyn günlerde halkymyz Gurban baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde bellär. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Şeýle-de, Gurban baýramy adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, umu­ma­dam­zat me­de­ni ösü­şin­de aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýän Gur­ban baý­ra­my Gün­do­gar halk­la­ry bi­len bir­lik­de türk­men hal­ky­nyň hem asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re do­wam edip gel­ýän be­lent ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny, däp-des­sur­la­ry­ny, ynanç-adat­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär, pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy we yn­san­per­wer­li­gi da­ba­ra­lan­dyr­ýar.