Saý­law kam­pa­ni­ýa­sy baş­lan­dy

14 Iýun 2024
216

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da da­laş­gär­li­gi soň­ky sa­na­wa gi­ri­zi­len al­ty sy­ýa­sat­çy­nyň saý­law­lar­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa­sy res­mi taý­dan baş­lan­dy we iki hep­de do­wam eder. Bu ba­ra­da ýur­duň saý­law şta­by­nyň we­ki­li Moh­sen Es­la­mi aýt­dy.

9-njy iýun­da Eý­ra­nyň Gö­zeg­çi­lik ge­ňe­şi­niň met­bu­gat sek­re­ta­ry Ha­di Ta­han-Na­zif döw­let te­le­ýaý­ly­myn­da eden çy­ky­şyn­da Ge­ňe­şiň möh­le­tin­den öň Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­mak üçin ha­sa­ba al­nan­la­ryň da­laş­gär­li­gi­ni bar­la­mak iş­le­ri­ni ta­mam­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.«Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­riň saý­law kam­pa­ni­ýa­sy, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan at­la­ry­nyň yg­lan edi­len se­ne­sin­den res­mi taý­dan baş­lan­dy we ses be­riş­lik baş­la­maz­dan 24 sa­gat öň, ýag­ny 27-nji iýun­da ir­den ta­mam­la­nar» di­ýip, Eý­ra­nyň döw­let te­le­ýaý­ly­my IRIB Moh­sen Es­la­mi­niň söz­le­ri­ne sal­gy­lan­dy.