Hukuk maslahaty

13 Iýun 2024
272

Raýat we jemgyýet

Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden öňe süren  «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamalaryny gündelik durmuşymyzda görýäris. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny berkarar etmäge gönükdirilýär. Şolaryň esasynda ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Aýlyk zähmet we talyp haklary, pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary yzygiderli köpeldilýär.