Ajaýyp döwrümiziň şuglasy

12 Iýun 2024
335

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iş saparynyň dowamynda welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek döwrebap awtobuslaryň 200-sini sowgat bermegi hem-de Daşoguz şäherinde birnäçe ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi toýly günleriň şatlygyny arşa göterdi. Bu günki gün bolsa hormatly Prezidentimiziň açyp beren, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Daşoguz elektrik bekediniň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de awtobuslaryň ähmiýeti hakyndaky buýsançly söhbetler bagtyýar raýatlarymyzyň dilleriniň senasyna öwrüldi.

«Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar döwletimiziň abraý-mertebesini belende göterýän, ýurdumyzy ösüşiň rowan menzilleri bilen öňe alyp barýan taryhy-syýasy ähmiýetli wakalar göwünleri ganatlandyrýar, aýdyň geljegimizi şuglalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran döwletli sapary ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalara, il-ýurt üçin haýyrly işlere ulaşdy. Şeýle-de bu saparyň uzak geljegi nazarlaýan netijelerinde täze taryhy döwürde diňe bir toýlaryň däl, eýsem, taryhy-syýasy ähmiýetli wakalaryň, şanly seneleriň, berkarar döwletimiziň abraý-mertebesini belende göterýän ösüşlerdir üstünlikleriň hem yzly-yzyna utgaşykly gelýändigi öz beýanyny tapdy.

Bibigül AMANOWA,
döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.