Şadyýan tomus — 2024

12 Iýun 2024
293

Wagtlaryny hoş geçirýärler

Şu günler güneşli Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alşy ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini hem bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhuny, gülki sesleri gurşap aldy. Bu merkezde üç tapgyrda — her tapgyrda 300, jemi 900 çaga dynç alýar. Häzirki wagtda bolsa merkezde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry dowam edýär. Ähli amatlyklary bolan merkezde dynç alýan çagalaryň şatlyk-şagalaňy bu ýerde guralýan dabaralaryň baý many-mazmuny bilen utgaşyp, göwünleri galkynan körpeleriň durmuşyna röwşenlik çaýýar. Merkezde kitaphanadyr muzeý, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ýörite woleýbol, basketbol, tennis meýdançalary dynç alýan çagalaryň hyzmatynda. Bagtdan paýly balalar merkezde öz wagtlaryny diýseň gyzykly we many-mazmunly geçirýärler.

Ýörite habarçymyz.