Nesilleriň şatlygy

12 Iýun 2024
347

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip, çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki tomus paslynyň dowam edýän günlerinde bu eşretli durmuşyň höziri Gökdere jülgesinde wagtyny şadyýanlykda geçirýän körpejelerimiziň nurana ýüzlerinde hem aýdyň duýulýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösdürilmegine, kämil düşünjeli bolmagyna gönükdirilen uly işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu ugurda üstünlikli hereket edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleri hem biziň her birimizi guwandyrýar. Elbetde, çagalar durmuşymyzyň güli. Olaryň şadyýanlygy, bagtyýarlygy ýurt abadançylygyndan habar berýär. Şeýle şadyýan körpeleriň birnäçesi Gökdere jülgesindäki köpsanly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Körpeleriň gülki sesleri ajaýyp mukam bolup ýaňlanýar.

Çagalaryň dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde döredilen şertler barada uly mugallym Annasoltan Baýramowa şeýle gürrüň berdi:

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».