Beýik danany hormatlap

12 Iýun 2024
312

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny paýhasly dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär we diwersifikasiýalaşdyrylýar. Gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň asuda hem bagtyýar durmuşyny üpjün edýär, toý-baýramlarymyza şan berýär, Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralary uludan bellenilýär. Şu ýylyň 17-nji maýynda agşam çagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy hem täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy.

Köpetdagyň gerişlerinde, tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60  metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Gahryman Arkadagymyzyň goşgusynyň her bir setirinde, sözünde örän çuň many bar:

Selbi SAPARLIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.