Synaglar kabul edildi

12 Iýun 2024
308

Golaýda maýor Meýlis Baýramowyň serkerdelik edýän harby bölüminde okuw möwsüminiň tamamlanmagy mynasybetli, harby gullukçylaryň bilim derejelerini, şeýle-de hünär ussatlyklaryny barlamak maksady bilen jemleýji barlag geçirildi. Onuň dowamynda topar agzalary düzülip, bölümçeler bilen guralan sapaklaryň netijeleri boýunça hasap synaglary kabul edildi. Seljermäniň netijesinde, bölümçeleriň arasynda uly leýtenant Nobatgeldi Nobatgeldiýewiň serkerdelik edýän rotasynyň şahsy düzümi guralan sapaklarda oňat bahalar bilen tapawutlanmagy başardy. Tapawutlanan harby gullukçylara harby bölümiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Halymberdi ATABEGOW,
maýor.

Kamila SEÝIDOWA,
kapitan.