Dumly-duşdan dürli-dümen

12 Iýun 2024
294

Dünýäde belent bina

Saud Arabystanynda täze belent binanyň gurluşygyna täzeden başlandy. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki beýikligi 828 metr bolan Burj-Halifa diňinden belent boljak binany gurmak bu ugurda baý tejribesi bolan Hytaýyň gurluşyk kompaniýasyna ynanyldy. Bu bina ýurduň Gyzyl deňziň kenarynda işlap düzen taslamasynyň bir bölegidir. Beýikligi 1000 metr bolan Jidde diňini 4-5 ýylyň içinde gurup tamamlamak göz öňünde tutulýar. Onda myhmanhana, edara we ýaşaýyş jaýlary, syýahatçylyk merkezleri, güýmenjeli ýerler, suw sportunyň oýunlarynyň toplumlary bolar. Diňiň 652 metrligindäki syn ediş meýdançasyndan daş-töweregi synlamak mümkinçiligi bar. Daşy durşuna aýna bilen örtüljek bina ýokary tizlikli hem çylşyrymly lift ulgamy bilen üpjün ediler.