Ruhy päkligiň gözbaşy

12 Iýun 2024
281

Berkarar Watanymyzda halkymyza yranmaz döwleti, mizemez bagtyýarlygy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her günümiz toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Hut sapaly tomsuň ilkinji günlerinde biz şanly seneleriň birnäçesini baýram etdik. Şu günler bolsa eziz halkymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdyp, milli senenamamyzda aýratyn orun alan Gurban baýramyny tutumly dabaralar bilen bellemäge taýýarlyk görýär.

Mukaddes Gurban baýramy güneşli ülkämizde ynsanlaryň köňlüni päkläp, il-güni ýagşylyga çagyrýan, dostlaşdyrýan we jemgyýetde ruhubelentligi döredýän baýram hökmünde her ýyl uly dabaralar bilen bellenilýär. Aslynda, Gurbanlyk etmegiň asyl maksady dini däp-dessurlary doly ýerine ýetirmek bilen, Beýik Biribaryň razylygyny, ýalkawyny gazanmakdyr. Üç günläp baýram edilýän bu günlerde asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip, dowam etdirilip gelinýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz esasynda milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz berjaý edilýär. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan bu sene agzybir halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar. Baýramyň ilkinji gününden başlap, ähli maşgala ojaklarynda saçaklar giňden ýazylyp, gazanlar atarylyp, her bir öýi şadyýanlyk, bagtyýarlyk gurşap alýar. Gurbanlyk kesmek we ony paýlamak bu baýramyň esasy aýratynlygydyr. Gurbanlyk beriljek malyň sagdyn bolmagy esasy talap hasaplanylýar. Dini düzgünlere görä, şol malyň eti deň üç bölege bölünip, biri gurbanlyk kesýäniň maşgalasyna, bir bölegi dogan-garyndaşlaryna, galany bolsa gurbanlyk kesip bilmediklere paýlanylýar. Şeýle-de täze egin-eşik geýmek, özüňe we öý-içeriňe serenjam bermek, milli tagamlary bişirmek, çagalaryň saçyny kesmek, hiňňildik uçmak, öýke-kineleri unutmak baýram günlerinde berjaý edilýän esasy adatlardyr. Halkymyzda şu mukaddes günlerde edilýän arzuwlaryň, ýürege düwülýän päk niýetleriň hasyl bolýandygyna ynanylýar. Hut şonuň üçin hem birek-biregiňkä myhmançylyga barlyp, duz dadyşyp, ýagşydan-ýagşy doga-dilegler edilýär.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.