Asudalygyň goragynda

12 Iýun 2024
316

GURAMAÇYLYKLY IŞ — ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY

2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda agzybir türkmen halky hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletli döwranda ýaşap, eşretli günleriň hözirini görýär. Il-günümiziň asudalykda, abadan durmuşda tutanýerli zähmet çekmegini üpjün etmek bolsa, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň wezipe-borçlary bolup durýar. Elbetde, bu wezipäniň jogapkärçiligi bizi işimize eserdeň çemeleşmäge borçly edýär.