Okyjylara döwrebap hyzmatlar

11 Iýun 2024
253

Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynda we onuň ýerlerdäki kitaphana şahamçalarynda okyjylara ýokary derejedäki hyzmatlar amala aşyrylýar. Kitaphanalaryň okyjylarynyň sanynyň barha artmagy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen bäş aýynda etrap merkezi kitaphanasynyň okyjylarynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwründäkisinden artmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Has takygy, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda etrap merkezi kitaphanasyna täze ýazylanlaryň sany 210-dan geçip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 6 müň 755 adama golaýlady.

Ýylyň başyndan bäri dürli mazmunly kitaplaryň 11 müň 630-sy, şol sanda syýasy neşirleriň 2 müň 398-si, çeper eserleriň 4 müň 192-si, çagalar edebiýatlarynyň 3 müň 143-si, beýleki neşirleriň 1 müň 897-si okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany hem artdy. Yzgant şäherçesindäki, Babarap obasyndaky kitaphana şahamçalarda hem bu babatda oňat görkezijiler hasaba alyndy.

Sähragül ŞYHBERDIÝEWA,
Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.