Pyragynyň mirasy — milli medeni gymmatlyk

11 Iýun 2024
303

Mälim bolşy ýaly, 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Munuň özi halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi.

IV bapdan 18 maddadan ybarat bolan bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanmak bilen, Gündogaryň beýik akyldar şahyry, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Onuň «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet syýasaty» diýlip atlandyrylan 1-nji maddasynda bellenilişine görä, agzalan Kanun esasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýär. Şeýle hem beýik söz ussadynyň agzybirlik, jebislik, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, döwletlilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, watansöýüjilik, merdanalyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, maşgala gymmatlyklary barada garaýyşlary, öwüt-ündewleri türkmen halky, esasan-da, ýaş nesiller üçin ýörelgedigi kanun esasynda berkidilýär.

Jeren Amanowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.