Sanly ykdysadyýet – informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy. Sanly ykdysadyýet adalgasy häzirki wagtda syýasatçylar, ykdysadyýetçiler we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bu adalga ilkinji gezek 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilýär. Ol bu adalgany ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdireniňde, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň okgunly ösmegi netijesinde kemala gelýän täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanylypdyr.