Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň maglumatlaryna salgylanýan «Xinhua» habarlar agentligi şu ýylyň iki aýynyň netijeleri boýunça Hytaýdan gämileriň eksporty hem göwrümi, şeýle-de gymmaty boýunça ep-esli ösendigini habar berdi.
2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hytaý daşary ýurtly üpjün edijilere 937 gämi iberdi. Munuň özi bu görkezijiniň geçen ýylyň ilkinji iki aýynyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 59,9% köpdür. Şol bir wagtyň özünde hem, eksportuň derejesi 180,6% ýokarlanyp, 48,25 milliard ýuana (6,8 milliard dollar) ýetdi.