Häzirki döwrüň ruhunda ynsanperwer ýörelgeler

26 Mart 2024
253

Ynsanperwerlik ýörelgelerine uýup, nesillere haýyr-sahawatly adamlar bolup ýetişmegi ündän pederlerimiz adamkärçiligiň belent nusgasyny bize miras galdyrypdyrlar. Bu asylly ýol-ýörelgeler biziň günlerimizde-de döwrebap dowam etdirilýär. 23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirmegi hem munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Şol gün Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

«Bereketli toprak».