Umumadamzat ähmiýetli resminama

26 Mart 2024
305

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar, usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigi bilen taryhy ähmiýete eýedir. Oňa 86 ýurduň awtordaş bolmagy hem guwandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty yzygiderli ösdürilýär. Halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem onuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ony Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary kabul etmegi hem tassyklaýar.

«Türkmen dünýäsi».