Asyrlara uzaýan doganlyk gatnaşyklary

26 Mart 2024
342

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bilen netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biri. Türkmen halkyny TDG-ä agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döretdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-12-nji martynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde bu geňeşiň 15-nji mejlisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu çäre Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek babatda nobatdaky aýgytly ädim boldy.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.