Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25 Mart 2024
211

23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna halkara standartlary esasynda nobatdaky audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).