Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

25 Mart 2024
270

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň, telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hatlarynda bu nurana bahar baýramynyň sahylygy we berekedi, bagtyýarlygy, abadançylygy alamatlandyryp, bularyň ählisiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynda aýdyň beýanyny tapýandygyny belleýärler. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, güýç-kuwwat, Watanymyzyň rowaçlygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

(TDH)