Ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär

24 Mart 2024
624

Geçen hepdede ýurdumyz toý-baýramlara beslendi, ata-baba gelýän milli däp-dessurlara aýratyn orun berildi. Ynha, 21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň, medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydyr. Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny, abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýär. Şonuň üçin-de, häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara derejede bellenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu baradaky degişli Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň çäginde 2010-njy ýylyň fewralynda biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

«Mugallymlar gazeti».